+993 132 4-09-01
gokdepeyupluk@sanly.tm

О НАС

Türkmenistanyň Dokma senagat Ministrliginiň garamagyndaky

Gökdepe pagta egriji fabrigi

Ýüplük üçin esasy çig mal öz ýurdumyzda öndürilýän gowaçadyr. Gowaçadan edilýän ýüplük eksport edilip, ýurdumyzyň senagatyna uly girdeýji getirýär. Fabrigiň esasy önümi Nm 30/1 (Ne 18/1) görnüşli ýüplük bolup durýar. Şeýle-de satyn alyjylaryň islegine görä Nm 27/1 (Ne 16/1) , Nm 34/1 (Ne 20/1) ýüplükleri hem öndürilýär. Fabrikde ýüplük önüminiň ortaça ýyllyk taslama kuwwatlylygy 9450,00 tonna barabar bolup, öndürilýän ýüplük daşky we içki geýimler üçin matalaryň öndürilmeginde peýdalanylýar. Mundan başga-da fabrikde Nm 10-dan, Nm 51-e çenli trikotaž we dokma ýüplükleri öndürilip biliner. Çykarylýan önüm içerki bazara-Türkmenistanyň Dokma Senagaty Ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalar bilen döwlet tarapyndan bellenilen nyrhnamalar esasynda önümi ýerleşdirýär.

Daşarky bazara - daşary ýurt firmalary we kompaniýalary bilen Döwlet çig mal biržasynyň üsti bilen geleşik-şertnama baglaşyp, öz müşderileriniň isleglerini öwrenip, işiň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini guraýar. (şertnamada görkezilen senede)

Türkmenistanyň Prezidentiniň hemişelik aladasynyň we goldawynyň saýasynda dokma senagaty milli ykdysadyýetiň işjeň ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi. 17.02.2010-njy ýylda Türkmenistanyň dokma senagat ministrligi baş potraçy bolan Turkiýe döwletiniň belli “Kotam Enterpraýzis L.T.D “ kompaniýasy bilen Gökdepe şäherinde Ring pagta egiriji fabriginiň işe girizilmegi aýdyň tassyklanmasydyr.

Gökdepe pagta egriji fabriginde döwrebap we ýokary öndürijilikli tehnologiki enjamlar oturdylandyr. Gökdepe şäherinde Ring pagta egiriji fabriginiň işe girizilmegi 530-dan gowrak täze iş ýerleriniň döredilmegini üpjün etdi.

Içerki bazara-Türkmenistanyň Dokma Senagaty Ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalar bilen döwlet tarapyndan bellenilen nyrhnamalar esasynda önümi ýerleşdirýär.

Daşarky bazara daşary ýurt firmalary we kompaniýalary bilen Döwlet çig mal biržasynyň üsti bilen geleşik-şertnama baglaşyp, öz müşderileriniň isleglerini öwrenip, işiň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini guraýar. (şertnamada görkezilen senede) RU